SOŇKY HABARLAR
HELSINKIDE TÜRKMENISTANYŇ WE FINLÝANDIÝANYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Helsinkide Türkmenistanyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Finlýand tarapyna bu ýyrduň Daşary işler ministrliginiň Rossiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Departamentiniň Baş direktory hanym Maimo Henriksson ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda, BMG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaş...
ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Şweýasariýanyň Egl şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşyuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Welosiped sürüjileriniň halkara birleşigi bilen gatnaşyklary berkitmegiň meselelerine garaldy. Hususan hem, türkmen tarapy şu ýylyň 3-nji iýunynda ilkinji gezek Welosipediň halkara gününiň bellenilip geçiljekdigi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly Ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçi...
TÜRKMENISTANYŇ MAROKKO PATYŞALYGYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Baş sekretary Mohammed Ali Lazraga Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda 2018 ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanada bu ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak barada brifing, şeýle hem stoluň üstünde tennis boýunça ýaryş geçirildi. Sport çäresiniň netijeleri boýunça onuň ýeňijisine ýadygärlik sowgatlary go...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...
TELERADIOÝAÝLYMLARYŇ HALKARA STANDARTLARY ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem parlament wekilleri, žurnalisler we ygtyýarly guramalaryň, bilim we ylmy-barlag edaralaryň işgärleri ÝHHG-niň gurnan seminarynyň dowamynda teleradioýaýlymy dolandyrmagyň we ýaýlyma bermegiň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Teleradioýaýlymy dolandyrmagyň halkara standartlary we ýaýlyma bermegiň täze görnüşleri» atly okuw maslahaty 2018-nji ýylyň 21-22-nji maýy aralygynda Aşgabatda...