RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Seul şäherinde sport çäreleri geçirildi

2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Seul şäherinde sportuň stol üstünde tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça çäreler geçirildi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary netijesinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sport çäreleri gurnaldy. Bu çärelere Koreýa Respublikasynda bilim alýan Türkmenistandan we başga döwletlerden talyplar gatnaşdy...

DOWAMY
pic
28 Apr

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar...

DOWAMY
pic
27 Apr

WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) jenap Ngo Dyk Man bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen tarapy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşykl...

DOWAMY
pic
26 Apr

ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR

Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...

DOWAMY
pic
26 Apr

BERLINDE “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGI AÇYLDY

Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul e...

DOWAMY
pic
20 Apr

DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MAKSATNAMANY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞÇI TOPAR DÖREDILDI

Aşgabatda Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin  maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji pudagara maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) ýardam bermeginde daşky gurşawy gorap saklamak we ýer baýlyklary boýunça Döwlet komiteti çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.   Maslahata Türkmenistandan teklipleri ber...

DOWAMY