SOŇKY HABARLAR
ŞRI-LANKA DEMOKRATIK SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) j-p Mohamed Şariff Anis bilen duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy geljekde netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ynam bildirdi we bu ugurda Ilçä ählitaraplaýyn ýardamlary hem-de goldawlary amala aşyrmakda t...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. Sebäbi, biz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alyp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen...
«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
AŞGABATDA ULAG, LOGISTIKA WE INFRASTRUKTURA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, “Tür...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASYNYŇ IŞGÄRLERI PEKINDÄKI GÖRELDELI MEKDEBE BARDYLAR
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň HHR-ndaky Ilçisi Ç.Rustamowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen bilelikde, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» atly göreldeli mekdebe baryp gördüler. Bu okuw edarasyna bolan sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek çygrynda gurnaldy. Hytaý mekdep okuwçylary türkmen myhmanlary üçin mekdep boýunça tanyşdyryş saparyny gurnadylar, synp otaglaryny görk...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...