SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY –ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ YKDYSADY ÖSÜŞ MINISTRLIGINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparynyň 5-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen A.W.Gruzdewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki t...
AŞGABATDA SÖWDA WE MAÝA GOÝUM HYZMATDAŞLYGYNA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-RUS TOPARY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady. Rus tarapynyň wekiliýetiniň düzümine döwlet düzümleriniň, dürli pudaklarda işleýän iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň agzalary girdi. Hökümet derejesinde gazanylan...
AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Horasanyň, Mazandaranyň, Gülüstanyň, Birjand şäheriniň, şeýle hem Sarahsyň ýöriteleşdirilen ykdysady zolagynyň we goňşy ýurduň beýleki şäherleriniň senagat merkezlerine wekilçilik edýän eýran kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 6...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň dalaşgärleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy. Milli parlamentiň deputatlygyna jemi 284, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenler...