SOŇKY HABARLAR
SERHETABAT-TURGUNDY TÄZE TÜRKMEN-OWGAN DEMIR ÝOLY BOÝUNÇA OTLYLARYŇ HEREKETI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň, “Merkezi Aziýa-Koreýa” hyzmatdaşlyk forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň barşynda Ilçi M.Mämmetalyýew Türkmenistanyň Hormatl...
MARYDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...
«Merkezi Aziýa – Koreýa» hyzmatdaşlyk boýunça Forumynyň Ýerine ýetiriji komitetiň Sekretariatynyň mejlisi
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Ilçihana «Merkezi Aziýa – Koreýa» hyzmatdaşlyk boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň Forumynyň Sekretariatynyň ikinji mejlisiniň işine gatnaşdy. Mejlisiň çäklerinde muňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdşlyklary bilen bagly meseleleri, Sekretariatyň alyp barýan işleri barada, hyzmatdaşlyk maksatnamalary, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
2018-NJI ÝYLYŇ 17-18-NJI FEWRALY ARALYGYNDA“TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI” MYNASYBETLI GEÇIRILEN SPORT ÝARYŞLAR
2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” baýramçylygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň sport toparlarynyň gatnaşmagynda aşakda görkezilen sport ýaryşlar geçirildi: Basketbolyň 3x3 görnüşi - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary istitutynyň sport toplumynda; 400 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw - Magtym...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT
2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...