SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE TAÝÝARLYK GÖRÝÄR
Türkmenistan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine düýpli taýýarlyk görüp başlady. Taryhda birinji iri hazarýaka forumynyň geçirilýän senesiniň Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bardyr. Birinji Hazar ykdysady forumynyň toplumlaýyn taýýarlygy we geçirilmegi boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Forumy geçirm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UNAMA-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyza iş sapary bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Tadamiçi Ýamamotonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýdaşlygyň mizemez nusgasy hök...
AŞGABATDA GDA YHDG-NYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) wekilleri − GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Elwira Dolýa hem-de şol direksiýanyň geňeşçisi Aleksandr Gonçarow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri bilen aln...
Koreýanyň ösüş institutynyň Halkara ösüş Merkeziniň direktory bilen duşuşyk gecirildi
2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Koreýanyň ösüş institutynyň Halkara ösüş Merkeziniň direktory bilen duşuşygy geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen bu Institutyň arasynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meseleler bellenilip geçildi, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýulmagy bellenildi.
“Merkezi Aziya-Koreya” hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi
2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda “Merkezi Aziya-Koreya” hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Ilçihanalaryň, Daşary işler ministrliginiň hem-de Sekretariatyň wekilleri Merkezi Aziya bilen Koreýa Respublikasynyň Forumyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar Sekreariatyň 2019-njy ýyl üçin meýilnamasy barada pikir alyşdylar we beýleki guramaçylyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslaha...
TDIM-DE ÝEWROPA BILELELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ÝTÖB-nyň wekilleriniň biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ÝTÖB-nyň Wekilhanasynyň işleýän tutuş döwründe önjeýli hyzmatdaşlyk saklamagy bilen baglylykda Bankyň wekil...