img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Maý

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe girizilmegi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş...

DOWAMY
pic
30 Apr

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...

DOWAMY
pic
28 Apr

Seul şäherinde sport çäreleri geçirildi

2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Seul şäherinde sportuň stol üstünde tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça çäreler geçirildi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary netijesinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sport çäreleri gurnaldy. Bu çärelere Koreýa Respublikasynda bilim alýan Türkmenistandan we başga döwletlerden talyplar gatnaşdy...

DOWAMY
pic
28 Apr

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BILERMENLERI SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan gurnalan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi geçirildi. Bu Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar...

DOWAMY
pic
27 Apr

WÝETNAM SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) jenap Ngo Dyk Man bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen tarapy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşykl...

DOWAMY
pic
26 Apr

ÝHHG-NIŇ AŞGABATDA GEÇIREN MASLAHATY JENAÝATÇYLYKLY ÝOL BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNLAŞDYRYLMAGYNA GARŞY GÖREŞ ÇYGRYNDA TEJRIBE ALYŞMAGA ÝARDAM BERÝÄR

Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan we 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde öz işini tamamlan maslahatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň, korrupsiýanyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň görkezijileri we pudagara hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki günläp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň, hukuk goraýjy edarala...

DOWAMY