SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen- yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew, yrak tarapyna Yragyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňe...
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirile...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF-niň) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýaziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ministr Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesini üstünlikli tamamlamagy bilen gutlady we minnetdarlyk bildirdi hem-de geljekde üstünlikli, netijeli işleri arzuw etdi. Diplomatlar häzirki zaman meselelerini we uzak...
Çehiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Lýubomir Frebort bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklar...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda asylly däbe görä, Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda...
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda sanly ulgam arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, bu ýurduň söwda, senagat we energetika ministri An Dokgyn ýolbaşçyly...
Seulda ýokary bilim meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça simpozium geçirildi, onuň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda oňa...