AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХIII MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu birleşigiň agzalary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti maslahata gatnaşyjylaryň adyndan ynsanperwer gymmatlyklaryň dabaralanmagyny şertlendirýän syýasat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belleniljekdigini aýdyp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini we bu möhüm wakanyň guralmagy boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi barada Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen wekiller çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.