Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisiniň Merkezi Aziýa – Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkemenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli hyzmatdaşlyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini belledi, şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine we daşary syýasatynyň parahatçylykly häsiýetine uly baha berdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky taslamalaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunlukda, iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň wajyp ähmiýeti bellenildi.