ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ ÝARAGLARA GÖZEGÇILIK, BARLAG WE BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA KÖMEKÇISINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Ýaraglara gözegçilik, barlag we berjaý etmek boýunça Kömekçisiniň birinji Orunbasary Pol Din bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine seretdiler, häzirki zaman wehimlere we howplara netijeli garşy göreşmegiň zerurdygyny bellediler hem-de ýaraglara gözegçilik etmek we bu ugurda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ynanyşmak çärelerini berkitmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dürli halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen birlikde, özara gyzyklanma bildirilýän wajyp sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.