TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.

Şeýle hem, sammite  Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet baştutanlary Arkalaşygyň agza döwletleriniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar, sebit we halkara derejesindäki özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň gün tertibi köp ugurlary, gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejedäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň çözgüdini öz içine alýar.

Ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylym we bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda özara gatnaşyklar ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistan parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmek we ösdürmek, şu maksat bilen Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini işjeň ulanmak ugrunda hem çykyş edýär.

Şeýle hem, Arkalaşygyň döwletleriniň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalarynda netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýändigini bellemek ýerlikli bolar. GDA ýurtlary Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürýän, Bitaraplygyň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammiti Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.