TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ 21-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly 21-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ony Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Ketsýan alyp bardy.

Duşuşyga ŞHG-nyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlaryň hökümet baştutanlary we wekilleri, ŞHG-nyň Baş sekretary, ŞHG-nyň Terrorçylyga garşy gurluşynyň ýerine ýetiriji komitetiniň müdiri, ŞHG-nyň Işewürler geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdyrlar.

21-nji mejlisiň başlygy tarapyndan çagyrylan myhman hökmünde bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

ŞHG-a agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary dünýä we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşyp, ŞHG-nyň çäginde söwda, ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ŞHG-nyň agza döwletleriniň köptaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň we Guramanyň 2023-nji ýyl üçin býudjetiniň ýerine ýetirilişiniň çäginde geçirilen çäreler we ýygnaklar baradaky hasabatyny tassykladylar we ŞHG-nyň hemişelik guramalarynyň maliýe we guramaçylyk işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça birnäçe kararlary kabul etdiler.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlary Geňeşiň 21-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary, ŞHG-a agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin Hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdiler.