TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Guramanyň Baş sekretaryna 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi bolsa şol ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek boýunça çözgüdiň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan ähmiýetli senelere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap birnäçe çäreleri gurnamagyň mümkinçiliklerine seredildi.

Taraplar 2023-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň türki dünýasi üçin ähmiýeti barada bellediler. Bu ugurda TÜRKSOÝ-yň agza-döwletlerinde wajyp çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.