AŞGABATDA “DIALOG - PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen umumy mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma çagyrylan hormatly myhmanlaryň hatarynda şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen halkara we sebitara çärelere gatnaşyjylar hem bar.

Halkara maslahatyň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi, ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko okady.

Soňra foruma gatnaşýanlara söz berildi. Olar bu gezekki maslahata we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny giň gerimli baýramçylyk bilen gutladylar. 

Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy.

Maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Mariýa Şmidiň iberen çykyşynyÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor okady, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Ilçi Husraw Noziri dagylar çykyş etdiler.

Plenar mejlis tamamlanandan soň, günüň ikinji ýarymynda, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olaryň atlary: “Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly”, “Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak” we “Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýmakda maglumat ulgamynyň orny”.

Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.