TÜRKMEN-KOREÝ GATNAŞYKLARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde (DÖMYUM) Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ilçi duşuşygyň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhy, şu güni, geljegi, döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary derejede amala aşyran saparlary, şeýle-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ugurlardaky gatnaşyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, Ilçi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň ösen tehnologiýalary öndürmekde öňdäki orunlarda durýandygyny belläp, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini, koreý kompaniýalarynyň öndürýän ekologiýa zeper ýetirmeýän, ýokary hilli önümleriniň ýurdumyza yzygiderli getirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda talyplar Ilçä özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk talyplarda uly täsir galdyryp, olaryň saýlap alan hünärlerine bolan höwesini has-da artdyrdy.