TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYGY BARADA

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli depginini bellediler. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky işjeň we açyk gepleşikleri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmadyrmagyna goşant goşýandygyny nygtap geçdiler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna hem-de ýapon kompaniýalarynyň Mary şäheriniň ammiak we karbamid öndürýän zawody, Garabogaz şäherinde kükürt kislotasyny öndürýän kärhanasy, Gyýanlyda gazhimiýa toplumlarynyň binasy, Owadandepe tebigy gazdan benzin öndürýän zawody ýaly Türkmenistandaky iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandyklaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gaz himiýasy, ulag we oba hojalygy pudaklaryndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar barada netijeli pikir alyşdylar.