TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY SÖWDANY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) Baş direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň möhümdigini türkmen wekilýetiniň ýolbasçysy belläp geçdi.

Şeýle hem, türkmen tarapy kiçi we orta göwrümli ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda we şoňa görä Ýaponiýada türkmenler söwda etmek üçin JETRO ofisiniň açylmagynyň mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi. Şol bir wagtda, Türkmenistanda öndürilýän ýokary bahaly önümleri eksport etmek üçin Ýaponiýada Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagyna ýardam berilmegi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň Söwdä wekilhanasyny açylmagy göz öňünde tutulýar.

JETRO gurmasynyň Baş direktory Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändigi tassyklady we dürli ugurlar boýunça biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.