AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY BILEN KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on üçünji mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar, bu iş toparynyň on ikinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine ýokary baha berdiler we olaryň esasy böleginiň durmuşa geçirilendigini belläp geçdiler.

Mejlisiň barşynda taraplar, iki ýurduň arasyndaky bar bolan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda giňişleýin pikir alşyp, öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny bellediler. Esasanam türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibinde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we söwda dolanşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen serhet we gümrük infrastrukturalaryny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem taraplar neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we kontrabandasyna, umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek boýunça maglumatlaryň alyşmagynyň zerurdygyny bellediler.

13-nji martda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on üçünji mejlisi öz işini dowam etdirer.