Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Koreý agentligi bilen duşuşyk (KOICA)

photo

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Koreý agentliginiň (KOICA) binasynda bu guramanyň ýolbaşçysy hanym Li Mi-Kýuň bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Koreý agentliginiň (KOICA) arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gelejekde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda koreý meýletinçileri barada maksatnamasynyň gol çekilmegi meselesine seredildi, şeýle hem Türkmenistanyň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Koreý agentligi arasyndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, ýaş hünärmenler üçin goşmaça okuwlaryň, Türkmenistanda koreý diliniň okadylmagynyň, türkmen talyplarynyň Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklarynyň, sport we medeni çäreleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw sapaklaryny bermek maksady bilen, professorlaryň ugradylmagy we başgalar ara alnyp maslahatlaşyldy.