TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol çekildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ugruň, iki halkyň taryhynda, medeniýetinde we däplerinde ýakyn özara gatnaşygy bolan türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet, bilim, aýdym-saz we sungat ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şeýle hem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telewideniýe, radio hem-de kinematografiýa, kitap we neşir etmek işiniň ugry boýunça netijeli pikir alyşdylar. 

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça bilelikdäki çäreleri, Nowruz Baýramynyň ugry boýunça iki ýurtda hem çäreleri durmuşa geçirmek, iki ýurduň abraýly edaralary bilen göni we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, hem-de medeniýet ulgamynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmäge üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda taraplar medeni-ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy tejribede we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasyny taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belläp geçdiler.

Duşuşygyň jemlerinde Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu çäräniň dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara hormat goýmagy pugtalandyrmak boýunça nobatdaky möhüm ädim bolup durýandygyny belläp geçdi.