TÜRKMEN-KOREÝ YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen Koreýanyň Söwda senagat edarasynyň wise-prezidenti, SK kompaniýasynyň Aragatnaşyk komitetiniň ýolbaşçysy Hýuň Hi Li  arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-koreý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň we telekeçileriniň arasynda ýola goýulan göni gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygy belläp, taraplar bu ugurda Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň işiniň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerindäki ynsanperwer ugurlaryna hususan-da, ýakynda Seul şäherinde medeni çäreleri geçirmek meselesine hem seredip geçdiler.