TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI T.ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gyzgyn salamlaryny ýetirmegi haýyş edip, Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.