TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE USAID BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, Aşgabada iş sapary bilen gelen, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen duşuşdy..

Duşuşygyň dowamynda sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan W.Hajiýew, 1992-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň bu agentlik bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolan
söwda-ykdysady ösüşi, bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyrylyşy, kanunçylyk we hukuk ugry, sosial ulgamy, agrosenagat toplumy we ş.m. pudaklarda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň bardygyny belledi.

Diplomatlar häzirki wagtda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler. Türkmenistan tarapyndan USAID bilen bilelikde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döredilen Iş toparynyň öňünde durýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. USAID-iň üsti bilen Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly maslahat we tehniki goldaw meselelerinde giňişleýin pikir alyşyldy.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak we pes uglerodly energetika pudagyny ösdürmek ýaly ugurlaryň hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygy barada umumy pikir beýan edildi.