TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞA MAŞGALASYNYŇ AGZASY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. 

Myhmanyň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna hem-de işjeň ilerledýän parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasyna kanagatlanma bildirilýär. 

Pursatdan peýdalanyp, myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmenistanlylary giňden bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen başlangyjynyň tutuş dünýäde parahatçylygy saklamagyň özboluşly nusgasyna öwrülendigini nygtady. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň Watanymyzyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýola goýulýandygyny belledi.

Häzirki döwürde Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de hyzmatdaşlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýörelgeleri Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen özara gyzyklanma bildirilýän köpugurly gatnaşyklara möhüm üns berilýär. 

Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak babatda parlamentleriň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum ugurlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlik hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.