ERMENISTANDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Artaşat şäherinde Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy.

Çäräniň soňky gününde, Artaşat şäheriniň Amo Harazýan adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda, Medeniýet günlerine gatnaşýan döredijilik toparlary bilelikde konsert berdiler. Bu konsert we bilelikdäki çykyşlar iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen sungat ussatlary halk döredijiligini we häzirki zaman eserlerini görkezip, ýurdumyzyň baý medeni köpdürlüligini görkezdiler.

Şol gün Ýerewan Döwlet uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.

Ermenistanyň ylmy we medeniýet pudagynyň wekillerine 2024-nji ýylda belleniljek Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bolup geçýän çäreler, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan halkara ylmy forumlar barada jikme-jik maglumat berildi we olara gatnaşmak üçin ermeni kärdeşleri çagyryldy. Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň gündogarşynaslary hem öz gezeginde Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, maslahatyň çäginde meşhur şahyr-terjimeçi Waružan Hasturyň türkmen şahyrynyň ermeni diline terjime eden goşgulary diňlenildi.

Ýerewan muzeýinde häzirki döwürdäki türkmen halkynyň taryhyna we gazanan üstünliklerine, özboluşly däp-dessurlaryna we senetçilik sungatyna bagyşlanan serginiň guralmagy, geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde bolup geçen çärelere aýratyn ähmiýet berdi. Sergide görkezilen gymmatlyklar we dürli dillerde neşir edilen kitaplar, suratlar Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde gazananlaryna ser salmaga mümkinçilik berýär.

Ýewandaky Komitas konserwatoriýasynda Ermenistanyň we Türkmenistanyň iki sany degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy aýratyn gyzyklanma döretdi.

Bu döredijilik çäreleri bilen bir hatarda, türkmen kinematografçylary Ýerewanyň halky üçin Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli surata düşürilen “Istärin” filmini görkezdiler.

Umuman, Türkmenistanyň Medeniýet günleri türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň diňe bir umumy ykdysady gatnaşyklara we iki dostlukly ýurduň bähbitlerine esaslanman, eýsem medeniýetleriň we ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygyna esaslanýandygyny görkezdi. Geçirilen uly göwrümli medeni çäre Ermenistanyň ilatyna diňe bir Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz, kinematografiýa we milli sungaty bilen tanyşmaga däl-de, eýsem türkmen halkynyň däp-dessurlaryny has içgin öwrenmäge mümkinçilik berdi.