TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we abadançylygyň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem Müsüriň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi, amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, onuň alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy.