WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY BAŞLADY
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.
Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler.
Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär.
Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.