TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 8-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili H.Fridrih Şodder, Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa sebiti boýunça wekili A.Muhidow, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko we BMG-nyň UNDP, UNODC, UNFPA, UNICEF, BSGG, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezi ýaly Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň çägindäki köp sanly meseleleriň üstünde durup geçdiler.
R.Meredow öz çykyşynda BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygyň biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygyny nygtady we Türkmenistanyň Hökümetiniň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, durnukly ulagy ösdürmekde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we beýleki birnäçe ugurlarda Gurama bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga bolan çemeleşmesini beýan etdi.
Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny we milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde BMG-nyň Baş Assambleýasy we biziň ýurdumyz tarapyndan başlanan gurluş bölümleri tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda kabul edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny”, 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen “Merkezi Aziýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň zolagy”, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul edilen “Bütindünýä durnukly ulag güni”, 2023-nji ýylyň 19-njy maýynda kabul edilen “BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin geljekki Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak" kararnamalarynyň we beýlekileriň ähmiýeti bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-nyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň arasynda durnukly ösüş, sanlylaşdyrma, durnukly ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem parnik gazynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak meseleleri, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, ynsanperwerlik ölçegi, şol sanda adam hukuklary, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk şahslar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, milli medeni mirasy goramak, şol sanda adamzadyň maddy däl medeni mirasy, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda öňdebaryjy tejribäni ulanmak we durmuşa geçirmek, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we bitewi saglyk başlangyçlary barada pikir alyşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, guramanyň we gurluşlarynyň Türkmenistandaky wekilçiligini ýokarlandyrmaga taýýardyklary mälim edildi. Bu ugurda bellenen mowzuklar boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
BMG-nyň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, türkmen tarapynyň täze gatnaşyk usullaryny gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar we bu ugurda pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.
Şeýle hem mejlisde nobatdaky duşuşyklaryň we bilelikdäki meýilleşdirilen çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar BMG-nyň Türkmenistanda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.