Singapurda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky we şol bir wagtda Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew Singapur Respublikasyna gulluk saparynyň çäklerinde bu ýurduň Menejmenti ösdürmek institutynda (Management Development Institute of Singapore) professor-mugallymlaryň we talyplaryň öňünde «Türkmenistan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda» atly okuw sapagy bilen çykyş etdi. Bu çäre ýurdumyzda şu ýyl yglan edilen şygara, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy. 

Okuw sapagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada habar berildi. Mundan başga-da, olar Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, okgunly ykdysady ösüşi, ýurdumyzda ylym-bilim, şeýle hem ýaşlar syýasaty ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Çykyşyň dowamynda ýurdumyzda gurlan «akylly» şäher - Arkadag şäheri barada hem gürrüň berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň TÜRKSOÝ-yň çäklerinde şu ýyl üçin Türki dünýäsiniň medeni paýtagty, şeýle hem 2024-nji ýyly Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilendigi barada hem beýan edildi.

Okuw sapagynda türkmen-singapur gatnaşyklarynyň ösüşine we geljegine aýratyn üns berildi.

Sapagyň dowamynda döwletimiziň ösüşine, şeýle hem Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan birnäçe wideoşekilli filmler hem görkezildi.

Okuw sapagy tamamlanandan soň, Ilçiniň Institutyň Prezidenti doktor Erik Kuan bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda, 2019-njy ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Singapuryň Menejmenti ösdürmek institutynyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.