Türkmenistanyň ilçisiniň Singapur Respublikasynyň premýer-ministriniň Kanselýariýasynyň ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky we şol bir wagtda Singapur Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Singapura gulluk saparynyň dowamynda bu ýurduň premýer-ministriniň Kanselýariýasynyň ministri Mohamad Maliki bin Osman bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Singapuryň daşary syýasy edaralarynyň öňünde goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Ilçi B.Durdyýew Ministri şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli meýilleşdirilýän möçberli çäreler, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda, türkmen tarapynyň ähli ugurlar boýunça Singapur Respublikasy bilen özara tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmasy bilen tanyşdyrdy.
Öz gezeginde, Mohamad Maliki bin Osman türkmen tarapyna Singapur Respublikasynyň kandidaturasyna halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli goldawy üçin hoşallygyny mälim etmek bilen, Türkmenistan bilen Singapuryň özara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda goşandyny goşmaga taýýarlygyny belledi.