Seulda Bahar festiwaly geçirildi
2024-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Seul şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar festiwaly-2024» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy hem gatnaşdy.
Festiwalyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan surat we beýik türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň ýygyndylarynyň, şeýle hem türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary ilçihananyň diwarlygynda aýratyn orna mynasyp boldy.
Bahar festiwalynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Seulda geçirilýän bu festiwalyň dost-doganlyk halklaryň ýakyn hyzmatdaşlygynyň, olaryň arasyndaky netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Mundan başga-da, ilçi şu bahar aýlarynda tutuş Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly senesi mynasybetli dabaralaryň giňden geçirilýändigini nygtamak bilen, çärä gatnaşyjylaryň ünsüni ilçihana tarapyndan festiwalyň çäklerinde guralan surat sergisine çekdi.
Festiwalyň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen akyldar şahyr hem-de filosof Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Istärin» kinofilmi görkezildi, şeýle hem «Seoul Pops Orchestra» orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor R.Rejepowyň «Türkmen tansy» atly sazy ýaňlandy.