Seulda ýokary bilim meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça simpozium geçirildi, onuň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar öz ýurtlarynyň bilim ulgamynyň öňünde duran wezipeler barada çykyş etdiler, bu babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, ýokary bilim pudagynyň meseleleri barada hem pikir alyşdylar.
Çäräniň işine Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygy B.Haşirow gatnaşdy. Simpoziumda çykyş etmek bilen, ol Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler barada habar bermek bilen, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň nukdaýnazaryndan, ileri tutulýan meseleleri beýan etdi.