Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda sanly ulgam arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, bu ýurduň söwda, senagat we energetika ministri An Dokgyn ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady, maýa goýumlar, himiýa we nebitgaz, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, özara gyzyklanma esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hil taýdan täze derejä çykýar. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, söwda we maýa goýum ulgamlarynda geljegi uly hyzmatdaşlygyň bardygy tassyklandy.  

Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda, gämi gurluşyk babatynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda we koreý tehnologiýalaryny çekmek boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda döredilen infrastruktura mümkinçilikler ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.    

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň uly ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda geçirilýän gepleşikleriň çäklerindäki dürli çäreler we forumlar türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmak üçin möhüm esas bolup durýar.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.