TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň özüniň Ýerwopadaky hyzmatdaşlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny geljekde işjeňleşdirmek üçin berk binýady döretmekde ýardam edýän syýasy geňeşmeleri, işewür duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini taraplar belläp geçdiler.

Taraplar Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly çözülmegine öz ýardamyny bildirdiler we Owganystanyň gatnaşmagynda howpsuzlyk boýunça ÝB+MA gepleşigi ölçeginde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem BOMKA (Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmakda ýardam bermek boýunça maksatnama) we KADAP (Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň maksatnamasy) maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmekde gyzyklanma bildirildi.