«Bütindünýä welosiped güni» mynasybetli Seulda welosipedli ýöriş geçirildi

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan Seul şäherinde welosipedli ýöriş gurnaldy.

Bu dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, diplomatlar we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Bu sport çäresine Seul şäheriniň sportuň welosiped görnüşiniň janköýerleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. «Il saglygy-ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alyp, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär.

Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. 2018-nji ýylyň başynda bolsa Türkmenistanda «Amul — Hazar 2018» atly welosiped ýaryşyna hem badalga berildi.

Geçirilýän bu çäreler diňe bir Türkmenistanda däl eýsem bütin dünýäde sporty ösdürmek bilen birlikde, adamlaryň sporta höwesini has-da artdyrýar, olaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar diýip giňişleýin bellenildi.