Türkmen-Koreý parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Spikeri U Won Şik bilen Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýewiň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda jenap U Won Şik özüniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda oňa görkezilen gyzgyn myhmansöýerlik hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol bu saparyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçiligiň bolandygyny we bu ugurda türkmen tarapy bilen ysnyşykly işlemäge taýýardygy barada nygtady.

Ilçi B.Durdyýew öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Spikerine Türkmenistana üstünlikli amala aşyran sapary üçin minnetdarlyk bildirip, bu saparyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkemegine ýardam etjekdigi barada belläp geçdi. Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynda uly orun eýeleýändigini nygtamak bilen onuň esasy hereketlendirijisi hökmünde iki ýurduň parlamentlerinde hereket edýän parlamentara dostluk toparlaryň çykyş edýändigine aýratyn ünsi çekdiler.

Galyberse-de taraplar indiki ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm waka, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň üstünlikli guralmagy boýunça işleşmek barada ylalaşdylar.