Seulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik çäresi geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Seulyň «Grand Hyatt» myhmanhanasynda resmi kabul edişlik çäresi geçirildi.

Resmi kabul edişlige Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, bu ýurduň Milli Assambleýasynyň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çärä Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hormatly myhman hökmünde bu ýurduň Daşary işler ministriniň protokol işleri boýunça orunbasary Kim Tae-Jin gatnaşdy.

Özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimizde amala aşyrylan taryhy özgertmeler, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ileri tutulýan ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri barada belledi. Munuň bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli içeri we daşary syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň halkara derejesindäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.

Çykyşyň dowamynda eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhasa ýugrulan döredijilik mirasynyň häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada hem bellendi. 

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň protokol işleri boýunça orunbasary Kim Tae-Jin, öz gezeginde, özara düşünişmek, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary bilen ýokary derejä çykýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy tassyklandy.     

Dabaraly kabul edişligiň çäklerinde beýik türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan, şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.    

Çäräniň dowamynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.