Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Pan Gi Mun bilen duşuşdy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ählumumy Ýaşyl ösüş instituty (GGGI) bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň bu ösüş institutyň assambleýasynyň prezidenti we geňeşiniň başlygy jenap Pan Gi Mun bilen duşuşygynyň geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýaşyl ösüş ulgamyndaky täze usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tokaý zolaklaryny durnukly dolandyryş mehanizmi kämilleşdirmek babatda bilelikde işlemek, şeýle hem bu ugurlarda täze taslamalary amala aşyrmak babatda Ählumumy Ýaşyl ösüş instituty bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň barşynda jenap Pan Gi Mun türkmen tarapyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlady. Ol Türkmenistanyň 30 ýylyň dowamynda bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolup galmagy, sebitde parahatçylygy we ösüşi goldamagy hem-de ynsanperwer daşary syýasatyny alyp barmagy göreldelik bolup durýandygyny nygtap geçdi.

Sözüni dowam etmek bilen jenap Pan Gi Mun özüniň BMG-niň Baş sekretary döwründe 2010, 2015 we 2016-njy ýyllarda Türkmenistana 3 gezek amala aşyran saparlaryny, olaryň dowamynda Döwlet Baştutany bilen geçiren duşuşyklaryny mähirli ýatlady. Şunuň bilen baglylykda jenap Pan Gi Mun Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. 

Ilçi B.Durdyýew öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda geçiriljek halkara Forumy hem-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada maglumat berdi.

Jenap Pan Gi Mun 2025-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada berlen maglumat üçin minnetdarlyk bildirip, bu çärelere öz tarapyndan zerur bolan ýagdaýynda goşant goşmaga taýýardygy barada mälim etdi.