Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Singapur Respublikasyna gulluk iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň baş direktory Samuel Tan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-singapur gatnaşyklarynyň gün tertibindäki meseleleriň toplumyna garadylar. Hususan-da ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek, parlamentara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyklary ösdürmek, ykdysady-söwda gatnaşyklary giňeltmek we medeniýet ulgamynyň wekiliýetlerini alyşmagy işjeňleşdirmek ýaly ugurlar boýunça özara pikirler alşyldy. Ilçi B.Durdyýew duşuşygyň dowamynda singapur tarapyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek ýokary derejeli halkara Forumy hem-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada maglumat berdi.