Singapur Respublikasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen diplomatik brifing barada

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

 

2025-nji ýylyň 14-nji martynda Singapur Respublikasynyň “Wyndham” myhmanhanasynyň 22-nji gatynda ýerleşýän mejlisler otagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan diplomatik brifing geçirildi. Bu çärä Singapur Respublikasynyň Daşary işler, Ulag, Söwda we senagat ministrlikleriniň, Singapuryň hyzmatdaşlyk agentliginiň (Singapore Cooperation Enterprise) ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Ilçi B.Durdyýew ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek wajyp syýasy-diplomatik, ykdysady we maýa goýum, şeýle hem köpsanly medeni çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçiriljek çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.

Brifingde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimizde amala aşyrylýan iri maksatnamalar we möçberli taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň bu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly täze kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen gatnaşyjylar tanyşdyryldy.

Galyberse-de, Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berlip, indiki ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen degişli netijeleri gazanmak üçin dürli ugurlarda teklipler beýan edildi.