Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidentini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän forumyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de onuň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şeýle-de belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini mähirli mübärekläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, hususy pudagyň ugry boýunça dialogyň has-da işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda eýeleýän ornuna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli teklipleridir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.