Seul şäherinde Türkmenistanyň gaz ulgamyndaky taslamalara we Maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan işewürler maslahaty geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň gaz ulgamyndaky taslamalara we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan işewürler maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine koreý tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Söwda, senagat we energetika ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Gurluşykçylar Assosiýasiýasynyň, Koreýanyň daşary ykdysady iş bankynyň we Koreýanyň söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň wekilleri, şeýle hem 40 golaý öňdebaryjy koreý kompanialarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda gatnaşyjylara Koreýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary jenap Kang Ho Min giriş sözi bilen ýüzlendi we öz çykyşynda gelejegi uly türkmen bazarynda, hususan-da nebit-gaz ulgamynda, koreý kompaniýalarynyň işlemäge höwesiniň uludygyny belledi. Soňra Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministrliginiň söwda hyzmatdaşlygy býurosynyň Baş direktory jenap Kang Mön Su maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Ondan soň, Türkmenistanyň wekiliýetiniň, hususan-da Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiýumynyň halkara direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserniniň wekilleri çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” halkara taslamasy bilen we özara hyzmatdaşlygy ösdürmeklik üçin  döredilen amatly şertler şeýle hem ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakdaky strategiki taslamalara maýa goýum goýmaklygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň gaz senagatynyň häzirki zaman ösüşi bilen tanyşdyrýan wideo film görkezildi.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti iri koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.  Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we geljekki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy.