Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Koreýa Respublikasynda GGGI-yň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 29-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Öwezgeldi Goşjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Saparyň dowamynda wekiliýet Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň (Global Green Growth Institute, GGGI) guramagynda Seulda Ýaşyl ösüş hepdeligine bagyşlanyp geçirilen çäreleriniň çäklerinde GGGI-yň Assambleýasynyň 14-nji mejlisine hem-de bu institutyň Geňeşiniň 18-nji mejlisine gatnaşdy. Çärelere gatnaşyjylar durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine garşy göreş we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Ö.Goşjanowyň GGGI-yň Prezidenti we Başlygy, BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Mun bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Pan Gi Mun türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyndan, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Ol 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini we munuň özüniň örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Saparyň ikinji güni türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça orunbasary ilçi Çuň Ki Ýoň bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda O.Goşjanow Türkmenistanyň ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, daşky gurşawa tehnogen täsirini azaltmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmakda alyp barýan tagallalaryna ünsi çekdi.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti GGGI-yň binasynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrligi tarapyndan guralan 12-nji Ýaşyl tegelek stolunyň işine hem gatnaşdy.