img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Halkara Söwda Assosiasiýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Halkara Söwda Assosiasiýasynyň (KITA) binasynda bu edaranyň wise-prezidenti Sang-jun Li bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek ilkinji Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy formatyndaky Sammitiň çäklerinde ykdysady çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek bilen, ilçi B.Durdyýew bu möhüm çäreleriň üstünlikli geçmegini üpjün etmek üçin KITA-nyň doly goldaw bermegine ynam bildirdi.

Öz gezeginde, KITA-nyň wise-prezidenti Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, Türkmenistana möhüm hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny, onuň uly tebigy baýlyklara we düýpli ykdysady mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Şeýle hem ol energetika, nebit-himiýa, ulag, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, «akylly» şäherler we şähergurluşyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, iki ýurduň ykdysady we tehnologiýa mümkinçilikleriniň özara üstüni ýetirýändigini aýratyn nygtady.

Duşuşyk taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, şol sanda, öňde duran çäreleri guramak we olary netijeli geçirmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etmäge özara gyzyklanmanyň bardygyny tassyklady.