AŞGABATDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA BIRINJI ÄHLUMUMY MASLAHAT BOLUP GEÇDI

2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat bolup geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.

Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşdylar. Maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar.

Aşgabatda geçirilýän maslahata köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň - BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, diýip nygtady. Türkmenistanyň baştutany Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän häzirkizaman usullarynyň işlenip taýýarlanjakdygyna, geljek üçin meýilnamalaryň belleniljekdigine, täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna ynam bildirdi.