AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХII MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.

DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Birleşigiň şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny ägirt uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu forumyň dünýä türkmenleriniň mundan beýläk-de jebisleşmegine, olaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we dostlugyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň 15 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si bardyr. Onuň düzümine toparlaryň 364-si we ýüzlerçe şahsy agza girýär. Olaryň 358-si daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ähli oňyn halkara başlangyçlary, durmuşa geçirýän oňyn syýasaty döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat edýär. Olar tutuş dünýäde parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeňlerini hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy, forumyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler. Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Köşgüň eýwanynda we mejlisler zalynyň öňünde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen baglanyşykly gymmatlyklar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman neşir önümleri görkezildi.