TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi. «Çhonwade» köşgünde iki ýurduň Liderleri ikiçäk düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra gepleşikler hökümet wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

 

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryna berildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýanyň «LG», «Hyundai», «Samsung», «Daewoo», «Kia Motors» ýaly iri kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýärler. «Energetika, nebitgazhimiýa, ulag ýaly adaty ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, biz täze ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bilýäris», diýip türkmen Lideri belledi. «Dokma we himiýa senagaty, şäher gurluşygy we ýol-ulag düzümi şeýle ugurlaryň hatarynda görkezilýär».

 

Döwlet ýolbaşçylary dostlukly konstruktiw ýagdaýda 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan soňraky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijelerine baha berdiler, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tematikasyny, şeýle hem sebitleýin we halkara häsiýetli meseleleri öz içine alýan ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşmalary geçirdiler.

 

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu ýerde ýygnanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

 

Döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasyna bardy we onuň başlygy jenap  Çon Yýhwa bilen duşuşdy.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilşi ýaly, biziň iki ýurdumyzyň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, kanunçykaryjylyk boýunça tejribe alşylmagynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Parlament dostluk assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy.

 

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýy – Songýungwan uniwersitetine tarap ugrady. Uniwersitetiň maslahatlar otagynda Türkmenistanyň Prezidentine «Songýungwan Uniwersitetiň Hormatly doktory» alymlyk derejesini bermek dabarasy geçirildi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Koreýa Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

 

Aýratyn dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine «Songýungwan Uniwersitetiň Hormatly doktory» alymlyk derejäni bermek hakyndaky ýokary okuw jaýynyň alymlar geňeşiniň kabul eden karary yglan edildi. Bellenilşine görä, uniwersitet şeýle derejäni döwletiň Prezidentine ilkinji gezek berýär.

 

Dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen uniwersitetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine Hormatly doktoryň mantiýasyny geýdirdi we degişli diplomyny gowşurdy.

 

Türkmen Lideri ýygnanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, 600 ýyllyk taryhy bolan we Aziýanyň iň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hataryna girýän Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen belent adyň berilmegi mynasybetli minnetdarlygyny beýan etdi.

 

«Men bu waka Türkmenistana goýulýan hormat-sarpa, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazananlarynyň ykrarnamasy, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlugynyň nyşany hökmünde garaýaryn», – diýip Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Lotte» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasynda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti Ço Dae-hýun bilen duşuşygy geçirdi.

 

Iş ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäginde Aziada taýýarlyk görmegiň we giňden şöhlelendirmegiň çäginde Türkmenistanyň we Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşigiň agzalary bolan ýüzlerçe kompaniýalaryň tele we radio ýaýlymlarda türkmen paýtagyndan täzelikleri, reportažlary Ýer ýüzüne ýaýmaklaryna garaşylýar, olar dünýäniň 62 ýurdunda milliardlarça tomaşaçy üçin habarlary ýetirerler. Malim bolşy ýaly, bu meseleler eýýam şu aýyň başynda Aşgabatda geçirilen «Aziada – 2017 we parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmekde Türkmenistanyň orny»  atly halkara maslahatyň hem-de onuň çäklerinde guralan Halkara sport media-forumynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Agşamlyk «Çhonwade» köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi, onda iki ýurduň Liderleri taraplaryň dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, netijeli syýasy hem-de doly möçberdäki ykdysady, medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi. 

 

 «Çhonwade» köşgünden çykyp Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Seul şäheriniň howa menziline ugrady, ol ýerden milletiň Lideri Watanyna tarap ugrady.