MOSKWADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ STRATEGIKI YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY BARADAKY JARNAMANYŇ ÄHMIÝETI BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümçesiniň binasynda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň Ýewraziýa giňişliginde ykdysady integrasiýany güýçlendirmekdäki orny we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu Jarnama 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň sammitinde biragyzdan kabul edilipdi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan bu çärä GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölümleriniň işgärleri, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, GDA döwletleriň Moskwada akkreditirlenen ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Russiýanyň ylmy, maliýe we ykdysady ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu resminama, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde integrasiýa prosesslerini işjeňleşdirmek üçin GDA ýurtlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen. Bu bolsa GDA gatnaşýan her döwletiň üstünlikli öňegidişligini we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge, şeýle-de bu ýurtlaryň halklarynyň bähbidine ykdysady mümkinçilikleri netijeli ulanmaga ýardam berer.    

Häzirki günde GDA giňişliginde iri ulag we energetika taslamalaryň amala aşyrylýandygy, sebitara we dünýä derejesinde döwrebap infrastrukturanyň, kommunikasiýanyň, halkara ulag geçelgeleriniň, logistika merkezleriniň döredilýändigi barada bellenip geçildi. Şunuň esasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady mümkinçilikleri has artýar.