img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

“Koreýanyň sanly hökümeti gurmak boýunça strategiýasy we tejribesi” atly onlaýn okuwy

photo

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Koreýanyň INHA uniwersitetiniň professory Syngwan Mýong tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin “Koreýanyň sanly hökümeti gurmak boýunça strategiýasy we tejribesi” atly onlaýn okuw geçirdi.

Okuwyň çäginde Koreýa Respublikasynyň sanly hökümetini ösdürmegiň taryhyna, esasy institusional özgerişiklerine, sanly hökümetiniň onlaýn platformalaryna, döwrebap sanly transformasiýa garaldy. Okuwyň ahyrynda sorag-jogap alşyldy.